- bezemek
- işlik1) Bezeg şaýlary bilen timarlap goýmak, bezeg zatlaryny goýup gelşige getirmek.∙ Köp wagtdan bäri dowam edip gelýän adata görä, paýtunçylar atlarynyň boýunlaryny gotaz we dürli şaýlar bilen bezäpdirler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)2) Birini ýa-da bir zady owadan görnüşe salmak, görk, gelşik bermek.3) Nagyş salmak, keşdelemek.◊ gurjak ýaly bezemek — Gowy geýindirmek.∙ Ýeke ogly dagyny edil gurjak ýaly bezäýseň bolmaýarmy! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.